Biz Barada
Süýji Gün web sahypasyna - hoş geldiňiz
Iň süýji günleriňizde, biz siz bilen
Meniň adym Sulgun Begliýewa, 2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri toparymyz bilen we dostlarymyz üçin tort we desert taýýarlap başladyk. Süýjiliklerimiziň tagamy diýseň ýakymlydy, bu meni ofis işimi taşlamaga we Süýji Gün atly onlaýn konditer dükanyny açmaga mejbur etdi. Indi ýene 8 adam işleýän hakyky konditer önümçiligine öwrüldik. Konditer dükanymyz her gün siziň üçin adaty tortlar we desertler döredýän ähli standartlara laýyk gelýär!
Elmydama ýylylygy we öý rahatlygyny gowy görýäris. Taslamamyzy hut şonuň üçin etdik we şu atmosferany, her bir tortumyzy taýýarlananymyzda süýjilik bilen size bermäge synanyşýarys. Arzuwymyz, rahat öý atmosferasy, ajaýyp desertler, çaý bilen dostlukly ýygnanyşyklar, çagalaryň gülküsi we bagtyna eýe boljak owadan we amatly onlaýn-konditer dükanydyr!

Taýýarlanyş möhleti we tölegiň amala aşyrylyşy
Sargytlary meýilleşdirilen seneden azyndan 2 gün öň kabul edýäris. Emma elmydama sargydyňyzy öňünden goýmagy maslahat berýäris (bir hepde ýa-da bir aý öňünden).
Eltip berme hyzmatynyň töleg möçberi
Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek bahasy – 15 manat. Şäheriň daşynda 20 manat.
Desertlerimiziň bezeg şekilleriniň görnüşleri
Bişirilen önümlerimiziň dizaýnyny müşderilerimiz bilen hemişe ara alyp maslahatlaşýarys, ýöne zerur bolsa ownuk goşmaçalar girizmek hukugymyzy saklaýarys 🙂